Upload

Log in to follow creators, like videos, and view comments.

eh-background

Create effects

See more
© 2023 TikTok

jankoyer.com.tm

JANKÖÝER

4Following
5412Followers
49.1KLikes

Maksadymyz - hemmelere türkmen futbolyny söýdürmek. Agza bolmagy unutmaň ⚽

Jogap sizden, sowgat bizden :) #part2 #jankoyer #sinalco #soragjogap #bilermen #football #berkarar #ashgabat #turkmenistan🇹🇲 #turkmenistan🇹🇲tiktok  created by JANKÖÝER with ZHRMusic’s Vibes
9619
Pinned
Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» topary futzal boýunça ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy. 🏆👏🏻 Sekiz toparyň gatnaşmagynda geçirilen Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisi üç aýlawyň dowamynda geçirilen oýunlarda kesgitlenildi.

Çempionatyň soňky tapgyrynda «Migrasiýa» toparyny 5:2 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Deňizçi» umumylykda 52 utuk toplap, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» 🥈toparyny 1 utuk öňürtmegi başardy. 40 utuk toplan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Gümrükçi» topary hormat münberiniň üçünji 🥉basgançagy eýeledi.

Tutuş möwsümiň dowamynda «Deňizçiniň» çempionlyk üçin esasy göreşi Aşgabadyň «Köpetdag» futzal topary bilen alyp barandygyny ýatladýarys. Şeýlelikde, kenarýaka şähere wekilçilik edýän topar ahyrky tapgyrlarda has üstünlikli ýaryşyp, möwsümi esasy bäsdeşinden 1 utuk öňde tamamlamagy başardy. Ýaryş tertibi «Deňizçiniň» 21 duşuşygyň 17-sinde ýeňiş gazanyp, 1-sinde deňme-deň oýnap, diňe 3 duşuşykda ýeňlendigini görkezýär. Toparyň futzalçylary bu duşuşyklarda garşydaş derwezelere 82 pökgi geçirip, öz derwezesinde 28 pökgi gördüler.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynda bassyr üçünji ýyl çempionlygyny gazandy.⭐️⭐️⭐️

Möwsümiň ahyrynda käbir şahsy baýraklar hem gowşuryldy.

✅Futzal birinjiliginiň jemi boýunça «Deňizçiniň» futzalçysy Abdylla Nursähedow «Iň ökde oýunçy» 👏🏻diýlip yglan edilen bolsa, bu toparyň derwezeçisi Meretgeldi Baýramow «Iň ökde derwezeçi» baýragyna mynasyp görüldi. 👏🏻

✅Iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda tapawutlanan «Köpetdagyň» futzalçysy Mülkaman Annagulyýew mynasyp boldy. 👏🏻

✅Timur Kulmyradow çempionatyň «Iň ökde emini» diýlip yglan edildi. 👏🏻
Get TikTok App